DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Tehnikalar abatlanylýar

     Tehnikalar abatlanylýar
Häzirki wagtda ýerleri ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary, olaryň tirkeg gurallaryny abatlamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Köneürgenç etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işçileri bu babatda alnyp barylýan işleri her gün ýokary netijeler bilen jemleýär. Şu ýyl ekiş möwsüminde çizelleriň 20, azallaryň 56, ýer tekizleýjileriň 32, malalaryň 62, boronalaryň 752, ekijileriň 60, dökün sepijileriň 24 sanysynyň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem onda tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň dürli kysymly traktorlarynyň 70-den gowragy işlediler. Şu günler bu gurallaryň, tehnikalaryň ählisine kebşirleýji, ýonujy, abatlaýjy ussalar tarapyndan zerur tehniki hyzmatlar edilýär.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.