DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Gadymy Änew - 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty

     Gadymy Änew - 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde 2024-nji ýyly türki dünýäde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» hem-de taryhy türkmen şäheri bolan Änewi 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň teklibiniň goldanylmagy taryhy we kökleri umumy bolan goňşularymyzyň we doganlyk halklaryň agzybirligini, jebisligini berkitmekde Türkmenistanyň has ynamdar hyzmatdaşdygynyň ykrarnamasy bolup durýar. Bu çözgüt gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmeginde uly ähmiýete eýedir.
2024-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty boljak Änew türkmenleriň iň gadymy şäherleriniň biridir. Eýýäm X asyrda ol şäher derejesine ýetipdir. Onuň Änew ady IX asyryň başlarynda belli bolup başlapdyr. Ak bugdaýyň ilkinji Watany hasaplanýan Änewdäki Seýit Jemaleddiniň metjidi atlandyrylan, dünýä möçberinde belli bolan ýadygärlik gadymdan meşhurdyr. Arheolog M.Massonyň aýtmagyna görä, ol ýadygärlik 860-njy hijri (miladynyň 1455-1456-njy ýyllary) ýylynda bina edilipdir.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.