DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Galkynýan döwürde bagta ýar ýaşlar

     Galkynýan döwürde bagta ýar ýaşlar
Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar, galkynýan döwürde bagtyýar nesil» ady bilen geçirilen maslahat şanly ýylymyzyň dabaralaryna badalga berdi. Dabaraly maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli ulgamlarda yhlasly zähmet çekýän bagtyýar raýatlarymyz, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler «Döwlet adam üçindir», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen parasatly şygarlary ýol-ýörelge edinýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri barada buýsançly gürrüň etdiler. Şeýle hem maslahatyň dowamynda çykyş eden ýaşlar özleri barada edilýän aladalar hakynda aýratyn durup geçdiler.
Ýatda galyjy pursatlara beslenen maslahatyň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary dabaranyň şowhunyny has-da arşa göterdi. Ýerine ýetirilen çykyşlarda, joşgunly aýdymlarda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.