DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ýol abatlygy - il abatlygy

     Ýol abatlygy - il abatlygy
«Daşoguzýolgurluşyk» müdirliginiň zähmetsöýer işgärleri welaýatymyzyň çäginde täze ýollary gurmakda, ýollaryň durkuny täzelemekde, gurulýan dürli maksatly binalaryň töweregini abadanlaşdyrmakda nusgalyk işleri alyp barýarlar.
— Biziň müdirligimiziň agzybir işgärleri geçen ýyly üstünlikli jemlediler. Olar Jemagat hojalygy birleşiginiň, Daşoguz awtomobil ýol ulanyş müdirliginiň buýurmalary esasynda welaýat merkezimiziň hem-de etraplardaky şäherleriň köçelerini, ýollaryny abatlamak işlerini ýerine ýetirdiler. 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Oba milli maksatnamasynyň çäginde 11,3 kilometr täze ýol gurmak işi üstünlikli amala aşyryldy. Müdirligimiziň işgärleri welaýatymyzda gurlup ulanylmaga berlen dürli maksatly binalaryň daş-töwereginde daşky abadanlaşdyryş işlerini hem geçirdiler. — diýip, müdirligiň tehniki önümçilik birleşiginiň başlygy Welmyrat Halmedow söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.