DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Täsirli sahna oýunlary

     Täsirli sahna oýunlary
Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň agzybir döredijilik topary körpeje tomaşaçylar üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyny taýýarlady. Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde welaýatymyzyň baýry teatrynyň sahnasynda türkmen halk ertekileri esasynda sahnalaşdyrylan spektakllar görkezildi. Bu sahna eserleri gyşky dynç alyş möwsüminde körpeje tomaşaçylaryň wagtlaryny has-da täsirli, manyly geçirmeklerine ýardam berdi. «Dostlugyň güýji», «Tilki dostlugy», «Garry möjek» atly sahna oýunlarynda dostluk, birek-birege goldaw bermek, agzybirlik ýaly düşünjeler gyzykly başdan geçirmeleriň, täsirli wakalaryň üsti bilen wagyz edilýär.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.