DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Arkadag şäheri — ajaýyp döwrüň binagärlik nusgasy

     Arkadag şäheri — ajaýyp döwrüň binagärlik nusgasy
Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen «Arkadag şäheri — zamananyň binagärlik nusgasy» atly maslahata welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler döwrümiziň beýik gudraty bolan Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlyklaryny, şäherde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ulanylandygyny hem-de onuň sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolup durýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilen maslahata gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza Ýüzlenme kabul edildi.
Buýsançly söhbetlere, joşgunly duýgulara beslenen maslahatda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşanlara aýratyn şatlyk paýlady.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.