DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bugdaýa göwnejaý ideg edilýär

Bugdaýa göwnejaý ideg edilýär
Akdepe etrabynyň Rejepguly Ataýew adyndaky daýhan birleşigi welaýatymyzda gallaçylyk boýunça iri hojalyklaryň biri. Daýhan birleşiginiň 1300 gektar bugdaý meýdany bolup, olaryň ählisi tejribeli kärendeçilere berkidilendir. Şeýlelikde, bu meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek, ony ýygnap almak üçin ýylyň bütin dowamynda janypkeşlikli zähmet çekilýär.
Häzirki wagtda gallaçy kärendeçiler atyzlaryň gyra-töweregini, çilleri guran ot-çöplerden, salmalary gyrmançalardan arassalaýarlar. Daýhan birleşiginde şu günlerdäki alnyp barylýan işleri synlanyňda, kärendeçileriň geljek ýyl guşgursak ak bugdaýyň bereketli hasylyny öndürip, azyk bolçulygyna uly goşant goşjakdyklaryna ynamyň artýar.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.