DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Baky bagtyň mesgen tutan mekany

            Baky bagtyň mesgen tutan mekany
     Ýazlaryň ýaraşygynyň ter açylan güllerde, daragtlarda biten pyntyklarda bolşy ýaly, durmuşyň, dünýäniň ýaraşygy hem ýaşlardadyr. Arkadagly Serdarymyz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip belleýär. Hakykatdan hem, ata Watanymyzyň geljegi ýaşlaryň elinde. Şatlyk-şowhun bilen topragymyza gadam basan 2023-nji ýylyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi kalbymyza egsilmez buýsanç, guwanç duýgularyny bagyş etdi. Bosagadan ätlän 2023-nji ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaşlara täze güýç, egsilmez ylham berdi. Ykbalyň bagt eçilen pursadynda göwünler ylhamlanyp, ýürekler joşa gelýär.

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.