DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Türgenler taýýarlykly geldiler

 

 

 

 

             Türgenler taýýarlykly geldiler
     Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde 2005 — 2008-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda türkmen milli göreşi boýunça welaýat çempionaty geçirildi. Ýaryş 8 agram derejesi boýunça geçirilip, oňa türgenleriň 72-si gatnaşdy. Welaýat çempionatynyň netijeleri türgenlerimiziň oňa oňat taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Saparmyrat Türkmenbaşy, Görogly, Akdepe etraplaryndan gatnaşan toparlar, degişlilikde, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldular. Şeýle hem her agram boýunça ýeňijiler yglan edildi. Ýeňijilere welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary we ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Agramlar boýunça ýeňiji bolan türgenler döwlet derejesinde geçiriljek çempionata gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.