DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Baýramçylyk dabarasy

                              Baýramçylyk dabarasy
     Golaýda Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň Daşoguz şäherindäki okuw-önümçilik kärhanasy tarapyndan baýramçylyk dabarasy guraldy. Şu jemgyýetiň döredilen gününe hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp Daşoguz şäherindäki «Altyn asyr» dabaralar merkezinde geçirilen bu baýramçylyk çäresine jemgyýetiň welaýatymyzdaky ilkinji guramasynyň agzalary, olaryň hossarlary, howandarlary, şonuň ýaly-da welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
     Dabarada Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň şu okuw-önümçilik kärhanasynyň başlygynyň orunbasary Gaýyp Kakabaýew, jemgyýetiň ilkinji guramasynyň agzasy, aýdymçy Tagandurdy Gylyçdurdyýew, Daşoguz şäheriniň medeniýet bölüminiň müdiri Orazgeldi Jumageldiýew, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Gülşirin Borjakowa dagy çykyş edip, baýramçylyk mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.
     Baýramçylyk dabarasynda saçaklar giňden ýazylyp, ýygnananlara milli türkmen tagamlary, dürli naz-nygmatlar hödürlenildi. Şonuň ýaly-da, medeniýet işgärleriniň ajaýyp aýdym-sazlary baýramçylyga gatnaşyjylaryň göwünlerini galkyndyryp, ruhubelentligini artdyrdy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen

habarlar esasynda taýýarlanyldy.