DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ukyply ýaşlar

                          Ukyply ýaşlar
     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan baş alyp çykýan, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, mekdep okuwçylary ýokary derejeli bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýarlar. Ony Daşoguz şäherindäki ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Arslan Durdyýewiň we Agamät Hajymyradowyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýaşlaryň arasynda geçirilen maglumat-telekommunikasiýa ulgamynda innowasion taslamalaryň «Sanly çözgüt — 2022» atly bäsleşigine «Oba hojalyk» we «Robototehnika» ugurlary boýunça gatnaşyp, 3-nji orunlara mynasyp bolandyklary hem tassyklaýar. Ýeri gelende bellesek, Agamät Hajymyradow «Gök we bakja ekinlerini zyýanly mör-möjeklerden goramak», Arslan Durdyýew bolsa «Innowasion şäher» taslamalarynda we islendik obýektleri bezemek we owadanlamak» atly taslama işleri bilen bäsleşikde çykyş etdiler.
     Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara we olary bäsleşige taýýarlan mekdebiň informatika mugallymy Haýrulla Ýakupbaýewe TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen

habarlar esasynda taýýarlanyldy.