DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Döwrebap kärhanadaky işler

                          Döwrebap kärhanadaky işler
     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleriň netijesinde ata Watanymyzyň gülläp ösmeginde onuň çäklerinde gurlup ulanylmaga berlen medeni-durmuş maksatly binalaryň, önümçilik desgalarynyň, kärhanalaryň uly ähmiýeti bar. Muňa biziň welaýatymyzda olaryň amala aşyrýan işleriniň hem uly goşant bolýandygyny guwanç bilen bellemek mümkin. Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz aladalary bilen Köneürgenç etrabynda gurlan we 2014-nji ýylda işe girizilen pagta arassalaýjy kärhanada durmuşa geçirilýän çäreleriň berýän miweleriniň mysalynda hem munuň şeýledigine göz ýetirmek kyn däl. Çünki ezber daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetleri bilen kemala getirilýän pagta hasylyny gaýtadan işlemeklige niýetlenilen kärhana bu babatda örän oňat netijeleri hem gazanýar.
     Bu kärhananyň her ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işläp, ondan birnäçe görnüşli, ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçiligi bar. Bu ýerde daşary ýurtlarda öndürilen, pagta arassalaýjy senagatda ýokary derejede peýdalanmak maksady bilen döredilen döwrebap enjamlar, täze tehnologiýalar ornaşdyrylypdyr. Olary ökdelik bilen dolandyrmagy, şeýlelikde, ýokary hilli önümleri öndürmegi kärhananyň işçi-hünärmenleri pugta ele alypdyrlar. Kärhanada welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlarynyň gowaça ekişinde ulanýan tohumlyk çigidi hem-de ýurdumyzyň dokma senagatynda iş alyp barýan kärhanalary çig mal bilen üpjün etmekde uly ähmiýeti bolan pagta süýümi öndürilýär. Bu işleri ýerine ýetirmekde kärhanada pagtanyň gaýtadan işlenilýän, taýýar önümleriň saklanylýan, tehniki hyzmat ediş, ýangyn howpsuzlygy we beýleki bölümler, barlaghana hereket edýär. Belleniliş ýaly, olaryň ählisi döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. Kärhananyň pagtanyň gaýtadan işlenilýän bölüminde ýörite enjamlaryň kömegi bilen çigidi aýrylan pagta süýümi bellenilen ölçeglerdäki kiplere gaplanylýar. Bölümde häzirki wagtda 20-den gowrak adam zähmet çekýär, her çalşykda onlarça tonna önüm öndürilýär. Kärhanada zähmet çekýän işçi-hünärmenler üçin derwaýys iş, dynç alyş şertleriniň döredilendigini hem aýtmak gerek. Şonuň ýaly-da olaryň arasynda tehniki hem-de ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegine gönükdirilen çäreler, düşündiriş işleri hem yzygiderli amala aşyrylýar.
     Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda işleriň guralyşyny kämilleşdirmek, olarda öndürilýän önümleriň döwrüň talaplaryna doly jogap bermegini gazanmak barada aýratyn durup geçdi. Munuň özi bu ugurda zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň öňünde uly wezipeleriň goýulýandygyny aňlatmak bilen birlikde, olaryň jogapkärçiliginiň hem has ýokarlanýandygyny görkezýär. Şeýlelikde, gürrüňi edilen kärhanada hem şeýle möhüm tabşyryklaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi ugrundaky aladalar ýokary depginde dowam edýär.