DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Tebigata söýgi ösdürilýär

                     Tebigata söýgi ösdürilýär
     «Ekologiýa syýasaty we daşky gurşawyň abadançylygy — bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr» şygary bilen golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti bilen bilelikde welaýat kitaphanasynda maslahat geçirdi. Ýaşlaryň daşky gurşawa, tebigatymyza, ekologiýa bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen guralan maslahata welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar, ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygy Magsat Otuzow, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Saparmyrat Babajanow, «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň döwlet gözegçisi Hudaýnazar Saryýew, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Leýla Rejepowa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Jennet Saparowa dagy çykyş etdiler.
     Çykyşlarda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda üstünlikli ýöredilýän ekologiýa we daşky gurşawy goramak syýasaty, bu babatda alnyp barylýan giň gerimli işler, geljekde öňde goýlan maksatlar, kesgitlenen wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Maslahat özüniň täsirliligi hem-de ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy.