DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ýaş maýsalaryň idegi ýetirilýär

                   Ýaş maýsalaryň idegi ýetirilýär
     Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň gallaçy kärendeçileriniň gazanýan üstünlikleri guwandyryjydyr. Olar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geljek ýylyň bugdaý hasylynyň binýadyny berkden tutup, bugdaý ekmäge niýetlenen ýerlerde ekişi guramaçylykly geçirdiler. Ekiş döwründe etrabyň «Bossan», A.Biruny adyndaky, «Nowruz» daýhan birleşikleriniň, Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň gallaçy daýhanlary has-da tapawutlandylar. Olaryň tutanýerli zähmeti geljek ýylyň bugdaý hasylynyň bereketli boljakdygyna ynam döredýär.
     Belli bolşy ýaly, etrabyň 12129 gektar bugdaý meýdany bolup, olaryň ählisi tejribeli kärendeçilere berkidilendir. Şeýlelikde, bu meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek, ony ýygnap almak üçin ýylyň bütin dowamynda janypkeşlikli iş alnyp barylýar. Şonda ekinlere ideg etmekde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary hem oňat görelde görkezýärler. Häzirki wagtda gallaçy kärendeçiler ýaşajyk bugdaý maýsalaryna ideg işlerini göwnejaý berjaý edýärler. Bugdaý meýdanlaryna çil çekmek, atyzlaryň gyra-töweregini, çilleri guran ot-çöplerden, salmalary gyrmançalardan arassalamak işleri alnyp barylýar. Etrapda şu günlerdäki alnyp barylýan işleri synlanyňda, kärendeçileriň geljek ýyl guşgursak ak bugdaýyň bereketli hasylyny öndürip, azyk bolçulygyna uly goşant goşjakdygyna ynamyň artýar.