Ilat ýazuwy-möhüm çäre
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky «2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek baradaky» Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny 2022-nji ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda geçirmek meýilleşdirildi.
Ilat ýazuwy — belli bir wagtda bolan ilatyň sanydyr, ýagny dolandyryş-çäk gurluşyna laýyklykda, tutuş ýurduň, welaýatlaryň, etraplaryň we her ýaşalýan ýeriň ilatyny hasaba almakdyr. Ilat ýazuwynyň netijesinde, ilat sanyndan başga-da, ýurduň döwlet durmuşynda zerur bolan maglumatlary, ýagny ilatyň demografik, geografik, etno-medeni, ykdysady aýratynlyklary, ilatyň saglyk ýagdaýy, ýaşaýyş şertleri barada maglumatlar ýygnalýar. Bu görkezijiler ilat ýazuwynyň sowalnamalarynda öz beýanyny tapýar. Ilat ýazuwynyň netijeleri toparlaýyn görnüşde jemlenilýär. Ilat ýazuwy 10 ýylda bir gezek geçirilýär. Sebäbi her bir kesgitlenen aralykda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerinde alnan maglumatlar has anyk we takyk bolýar. Ilat ýazuwy jemgyýetiň düzümindäki üýtgeşmeleri yzarlamaga mümkinçilik berýän ilatyň sany we aýratynlyklary barada iň täze maglumatlary almak üçin zerurdyr. Her ýazuwyň netijesi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin maksatnamalary işläp düzmekde maglumat binýady bolup durýar. Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň esasynda 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek boýunça döwlet topary döredildi hem-de bu çäräniň meýilnamasy tassyklanyldy. Häzirki wagtda şol meýilnama esasynda ilat ýazuwyna ykjam taýýarlyk görülýär. Meýilnamanyň birinji tapgyrynda ilat ýazuwyna taýýarlygyň barşynda giň gerimli işler ýerine ýetirildi. 2021-nji ýylyň dekabr aýynda ilat ýazuwynyň synag tapgyry üstünlikli geçirildi. Welaýat häkimligi tarapyndan Görogly, Ruhubelent, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda barmasy kyn bolan, uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň sanawy kesgitlenildi. Şonda Görogly etrabynda 2, Ruhubelent etrabynda 11, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 15, welaýat boýunça jemi 28 oba barmasy kyn bolan, uzakda ýerleşýän ilatly ýerlere degişli edildi. Ýurdumyzda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwy ilat bilen sorag-jogap görnüşinde, maglumatlaryň sanly şekilde ýygnalmagy arkaly geçiriler. Ilat ýazuwy ýörite taýýarlanan işgärler tarapyndan geçiriler we sowalnamalar planşetler arkaly doldurylar. Şu ilat ýazuwy Türkmenistanda ilkinji sanly ýazuw bolar.
Ilat ýazuwyna gatnaşýan hünärmenleriň we jogapkär gözegçi işgärleriň gatnaşmaklarynda TürkmenStatyň wekillerinden ýörite düzülen topar öwrediş okuwlaryny geçirdi. Bu çärede ulanyljak planşetlerde ilat ýazuwynyň sowalnamalaryny doldurmak tejribede öwredildi. Daşoguz welaýatynda 17 — 27-nji oktýabr aralygynda barmasy kyn bolan we uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň sanawyna goşulan Görogly, Ruhubelent we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň degişli ilatly ýerlerinde aýratyn ilat ýazuwy üstünlikli geçirildi.