DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Sungatlar sözleşende ýürekler birleşýär

          Sungatlar sözleşende ýürekler birleşýär

     Bir ojagyň başynda jem bolup, ýürekdeş söhbet etmegiň, birek-biregiň kalbyna aralaşmagyň lezzeti bir başga. Altyn güýzüň tylla öwüşginli ak säherinde «Türkmeniň ak öýüniň» öňünde tutulan toý döwresi dostlugyň hem-de doganlygyň kalba baky şugla saljak aýdymyny ýatlatdy. Duz-çörekli, aýdym-sazyň joşgunly owazy bilen garşylanan myhmanlaryň kalbyndan birek-birege gutlag sözi bilen ýüzlenişleri Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň şatlygyny dünýä buşlady. Iki doganlyk halkyň medeniýet we sungat wekilleriniň binanyň öňündäki meýdançada guralan aýdym-sazly çykyşlary türkmen hem-de özbek halklarynyň köňülleriniň we ýürekleriniň sungatyň güýji bilen has-da ýakynlaşandygyny ýene-de bir gezek görkezdi.
     «Türkmeniň ak öýi» binasynyň foýesinde guralan iki ýurduň amaly-haşam we zergärçilik sungatynyň eserleriniň sergisi medeni ulgamda halklaryň gazanan üstünliklerini şöhlelendirdi. Bu ýerde ýerleşdirilen sungat eserleriniň üsti bilen iki halkyň milli medeniýeti, mirasy, edebiýaty hem-de senetçiligi bilen ýakyndan tanyşmak bolýar.
     Soňra bir ojagyň başynda jem bolan agzybir ili ýadyňa salýan ajaýyp zalda bu medeni forumyň dabaraly açylyşy boldy. Bu ýerde, ilki bilen, iki döwletiň Baştutanlarynyň Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylara iberen Gutlaglary okaldy. Dabara gatnaşyjylar Gutlaglary ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Soňra bu ýerde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti boldy. Halklaryň milli äheňinde belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly tanslar galkynyşly döwrümiziň eçilen ajaýyplyklaryna buýsanjyň, dost-doganlygyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň dabaralanmasyna bolan hoşallygyň nyşanyna öwrüldi.
     Dabaraly konsertde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen aýdymlaryň ýaňlanmagy göwünleri has-da joşdurdy. Hoş owazyň mukamyna ýerine ýetirilen tanslar oňa aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu ýerde ýaňlanan bilelikdäki dostluk aýdymy konsertiň şowhunly jemlenmesine öwrüldi. Alkyşly sözler, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanan bu joşgunly aýdym taryhy ähmiýetli medeni forumyň ruhubelentlige beslenip, kalplara müdimilik ýazyljak pursatlara baý boljakdygyny aýdyňlygy bilen tassyklady.