DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Taryhymyz birdir, kalbymyz birdir...

                  Taryhymyz birdir, kalbymyz birdir...
     “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 16-17-nji noýabrynda Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirilýär. Iri medeni foruma gatnaşmak üçin goňşy Özbegistan Respublikasyndan hem-de ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen myhmanlar goýny üç ýüz altmyş pirli Daşoguz topragynda mähirli garşylanyldy. Olaryň kalplaryndaky buýsanç hem-de şatlyk duýgulary bu festiwalyň uly ruhubelentlikde geçiriljekdigini alamatlandyrdy. Tylla güýzüň ak säherinden kalbymyzyň törüne dolan myhmanlar ýörite düzülen medeni maksatnamanyň çäklerinde şol gün Köneürgenç topragyna syýahat etdiler. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu taryhy ýadygärlik orta asyrlarda türkmen topragynda gülläp ösen medeniýetiň, sungatyň, ylmyň, bilimiň mekany hökmünde giňden tanalypdyr. Bu gadymy mekana Daşoguz şäherinden ugran ulag kerweniniň şatlygy türkmen topragynda tutulýan toýuň tutumly dabaralaryna badalga berdi.
     Geçmişi we medeni mirasy ýakyn bolan goňşy Özbegistan Respublikasynyň we ýurdumyzyň döredijilik wekilleri Köneürgenç topragynda mähirli garşylanyldy. “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Soltan Tekeşiň, Il Arslanyň, Nejmeddin Kubranyň, Pirýar weliniň, Törebeg hanymyň aramgähleriniň, Kerwensaraý derwezesiniň, Gutluk Temiriň minarasynyň sebitde deňi-taýy bolmadyk täsin binagärlik ýadygärlikleri bolmak bilen, asyrlaryň ýaňy bolup geljege şugla salýan görnüşleri kalbyňda geçmişe bolan beýik buýsanjy oýarýar. Myhmanlar goraghananyň Daşmetjit halk hünärleri muzeýinde taryhy-medeni gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Etnografik gymmatlyklar oňa syn edýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Goňşy döwletiň medeniýet we sungat wekilleri bu ýadygärlikleriň orta asyr taryhyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellediler. Gadymy ýadygärlikleri synlap taryhy hakydanyň ebedi täsirinden ganan myhmanlar täze eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu künjegiň has-da döwrebap keşbe eýe bolýandygyny aýratyn nygtadylar. Ýakymly täsirlerden, ajaýyp pursatlardan göwni galkynan medeni foruma gatnaşyjylar günüň ikinji ýarymynda Daşoguz şäherine gaýdyp geldiler.