DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ätiýaçlandyryşyň täze görnüşi

                   Ätiýaçlandyryşyň täze görnüşi
     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ätiýaçlandyryş ulgamynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde müşderilere bähbitli ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň ýene-de bir görnüşi, ýagny ýükleri meýletin ätiýaçlandyrmak ýola goýuldy.
     Bu görnüşde durmuşda bolaýjak ätiýaçlandyryş halatlaryndan goranmaklyk göz öňünde tutulýar we onuň kömegi bilen edara-kärhanalar, telekeçiler, şahsy adamlar öz harytlaryny, ýüklerini heläkçiliklerden, zaýalanmakdan ätiýaçlandyryp bilerler. Bu bolsa ýükleriňiziň tötänlikde ýüze çykýan islendik halatlardan goralmagynyň hem-de ýükleriň ýitmegi ýa-da zaýalanmagy bilen bagly çekiljek zyýanyň öweziniň dolunmagynyň üpjün edilmeginiň esasy usulydyr.
Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň möçberleri ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenen ätiýaçlandyryş nyrh möçberine laýyklykda, ätiýaçlandyryş pul möçberinden göterimlerde kesgitlenýär we daşalýan ýüküň gymmatyna, görnüşine, ulag serişdesiniň görnüşine, şeýle hem ätiýaçlandyryş şertnamasyndaky töwekgelçiligiň derejesini kesgitlemek üçin ulanylýan maglumatlara baglydyr. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň bellenen görnüşdäki ýazmaça arzasynyň esasynda baglaşylýar. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça jogapkärçilik ugradyş ýerindäki ammardan ýüki äkitmek üçin alnan pursadyndan başlanýar we äkitmegiň bütin dowamynda ýük alyjynyň ammaryna eltilýänçä ýa-da ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda niýetlenip görkezilen ýerdäki soňky ammaryna eltilýänçä dowam edýär. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça kesgitlenilmedik bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi daşalýan ýüküň ugradyş resminamalarynda, ýagny haryt-ulag ýanhatynda, alyş-satyş şertnamasynda ýa-da beýleki resminamalarda görkezilen bahasyndan ugur alnyp bellenilýär.Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan haýal etmän, 3 günden gijä galman bu barada ätiýaçlandyryjyny habardar etmelidir. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli zerur resminamalar alnandan soň, 7 iş gününiň dowamynda tölenilýär.