DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Mallar dok we sagdyn gyşladylar

               Mallar dok we sagdyn gyşladylar
    Daşoguz welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky «Dowardarçylyk», Görogly etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlary mallary öňümizdäki gyş möwsüminde dok we sagdyn saklamak babatda çynlakaý aladalanýarlar. «Malym — halym» diýen ýörelgä eýerýän mal eýeleri gyş möwsümine öňünden ykjam taýýarlyk görýärler.
      — Gyşda örüden alýan otunyň daşyndan her baş düýe üçin 450, dowar üçin bolsa 60 kilogram ätiýaçlyk ot taýýarlanylanda mallar gyşdan orta we ýokary semizlikde alnyp çykylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda ot taýýarlamak baradaky döredilen toparlaryň işgärleri iri baldakly otlaryň, bugdaý samanynyň, ýorunja bedesiniň gyş üçin köp mukdarda ätiýaçlyk goruny ýygnadylar. Olar şu ýylyň gyş möwsümi üçin 7939 tonna ätiýaçlyk ot taýýarlap bu baradaky meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ätiýaçlyk otuň köp mukdary medeni zolaklarda taýýarlanýar. Häzirki günlerde taýýarlanan otlary uzak örülerde mallaryň gyşladyljak kaşarlaryna, gyş ýataklaryna daşamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Mallaryň gyşladyljak möwsümine oňat taýýarlanmakda «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň dowar çopanlary Aman Kulyýew, Aşyr Kakaýew, düýe çopanlary Atamyrat Işanberdiýew, Gurbanmuhammet Goşaýew, «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygynyň dowar çopanlary Ýazgylyç Togalakow, Nejep Halnyýazow, düýe çopanlary Öregeldi Sagjanow, Atageldi Akmämmedow dagy köplere görelde görkezýärler. Olaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde mallaryň baş sanynyň artmagy, olaryň tükel saklanmagy gazanylýar. Mallaryň dok we sagdyn saklanylmagy netijesinde olardan alynýan önümler azyk bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant bolýar — diýip, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň baş hünärmeni Annageldi Ýazberdiýew aýdýar.