DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Gadymy senediň dowamaty

                      Gadymy senediň dowamaty
     Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan belli senetkär Ikram Kurbanbaýew milli senetçiligiň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan agaç ussaçylygy bilen meşgullanýar. Halkymyzyň «Ata kesbi ogla halal» diýşi ýaly, ol bu käri kakasy Haýytbaý ussadan öwrenipdir. Ikram, esasan hem, ak söwütden ýasaýan agaç okaralary, tabaklary, çemçedir susaklary, uly kersenleri bilen adykdy.
     Agaç ussasynyň aýtmagyna görä gap-gaçlarda hiç hili reňk-boýaglar ulanylmaýar. Emma gap-gaçlar doly ýasalyp bolnandan soň, gyzgyn ýaga batyrylyp çykarylýar. Gyzgyn ýag gap-gaçlara sarymtyl-mele öwüşgin berýär. Şeýle hem täze agajyň öýjükleri ýag bilen beklenýär, bu usul naharyň ýagynyň tabaga siňmeginiň öňüni alýar.Gadymy usulda ýasalan agaç okaralary, tabaklary, çemçeleri ulanmak häzirki wagtda il içinde has hem ýörgünli bolup barýar. Bu gap-gaçlar ekologiýa taýdan arassalygy, şeýle hem göze gelüwliligi bilen özüne çekýär. Häzirki wagtda uludan tutulýan toý-baýramlarymyzda üsti dürli naz-nygmatly, toý pişmeli, gatlama-çelpekli, bugaryp duran palawly agaç tabaklar bereketli saçaklarymyzyň bezegine öwrülýär.