DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Welaýatymyzda hasyl toýy giňden bellenildi

               Welaýatymyzda hasyl toýy giňden bellenildi
     Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Hasyl toýy ene topragymyzyň, oňa yhlas siňdirip, bol hasyl ýetişdirýän ezber daýhanlarymyzyň hormat-sarpasynyň belent tutulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Şoňa görä-de bu toý ähli halkymyz üçin örän ýakymly waka öwrülip, bagtyýar ildeşlerimiziň göwünlerini galkyndyrýar.
     Welaýatymyzyň edermen daýhanlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem bu toýa mynasyp zähmet sowgatlaryny taýýarlap, dabaraly toýuň şatlygyny artdyrdylar. Şeýlelikde, Hasyl toýunyň şanyna dürli ýerlerde giňden ýaýbaňlandyrylan dabaralar, çäreler ýatdan çykmajak täsirleri bilen tapawutlandy. Baýramçylyk gününde Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada guralan baýramçylyk çäresi bolsa olaryň jemlemesi hökmünde has uly joşguna beslendi.
     Toý gününde ajaýyp görnüşler bilen bezelen meýdança welaýatymyzyň ýolbaşçylary, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, öňdebaryjy gallaçy, pagtaçy, gök ekerançy kärendeçiler, kombaýnçylar we başga-da köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Şu pursatda bu ýerde welaýatymyzyň medeniýet işgärleriniň, ýaş aýdymçylarynyň şirin owazly aýdym-sazlary, tans toparlarynyň joşgunly tanslary olaryň kalbyna uly ruhubelentlik bagyş edip, dabaranyň şowhunyny has hem belende göterdi. Şonuň ýaly-da, meýdançanyň iki tarapyny bezeýän ak öýler, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň, ýurdumyzyň dokma, azyk senagatynda öndürilen önümleriň, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda agzalýan ösümlikleriň we olardan taýýarlanylan serişdeleriň sergileri hemmeleriň ünsüni çekip, uly gyzyklanma döretdi.Dabarada TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Henip Zahyrow we beýlekiler çykyş edip, bu ýere ýygnananlary, welaýatymyzyň ene toprak bilen iş salyşýan ähli adamlaryny Hasyl toýy bilen gyzgyn gutlady hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada çäksiz alada edýän, bereketli hasyly kemala getirmek üçin ähli zerur şertleri döredýän hormatly Prezidentimize, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler, halkymyzyň asuda, parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy, daýhanlarymyzyň öndürjilikli zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanmaklary ugrunda edilýän giň gerimli aladalar barada durup geçmek bilen, özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler. Toý çäresiniň dowamynda welaýatymyzyň dürli ýerlerinde bugdaýyň, pagtanyň, gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmek, ýygnamak babatda ýadawsyz zähmet çekýän kärendeçileriň, ýer eýeleriniň, kombaýnçylaryň, mehanizatorlaryň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olara mynasyp bolan adamlar şeýle belent hormat-sylaglara mundan beýläk hem özleriniň gujurly işleri, gazanan guwandyryjy netijeleri bilen jogap berjekdiklerini nygtadylar. Şeýlelikde, welaýatymyzyň zähmet adamlarynyň, edermen hasyl ussatlarynyň bu toýy olary täze üstünliklere, has belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrdy.