DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Döwür we zenanlar guramasy

                            Özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen
      Häzirki gülläp ösüş döwrümizde zenanlarymyz hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda halal, tutanýerli zähmet çekip, gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu babatda biziň Köneürgenç etrabymyzyň zenanlar guramasyny düzýän işjeň agzalar tarapyndan hem bimöçber işleriň amala aşyrylýandygyny belläp geçmek has-da ýerlikli. Etrap zenanlar guramamyzyň düzüminde ilkinji guramalaryň 75-si hereket edip, ony agzalaryň 22762-si düzýär. Olar özleriniň ukypdyr başarnyklary, bilimleri, zehinleri, görüm-göreldesi, nusgalyk işleri bilen hemişe öň hatarda bolup, täze özgertmelere dowamat berýän döwrümiziň öňe çykaran wezipelerini durmuşa geçirmäge işeňňir gatnaşýarlar. Şoňa görä-de, döwletimizde zenan mertebesini arş deňine göterýän beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu özboluşly sazlaşyk bu günki gün milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, ýaş nesli watançylyk hem ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegi, döwre şan berýän ýyllarymyzy uly üstünliklere beslemegi doly derejede amala aşyrmaga uly mümkinçilik berýär.
      Zenanlar guramasynyň ýörite tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda, ilat köpçüliginiň arasynda işjeň zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilýän maslahatlar, duşuşyklar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, dürli bäsleşikler, milli senenamamyz esasynda giňden bellenilýän baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli dabaralar ýokary guramaçylyk derejesine beslenýär. Olar döwür bilen zenanlaryň arasyndaky bitewüligi has-da pugtalandyrmaga, zenanlaryň işjeňligini artdyrmaga, täze gözleglere ymtylmaga, üstünliklere dowamat bermäge bolan maksatlaryna itergi berýär. TZB-niň Merkezi geňeşiniň ýylyň-ýylyna yglan edýän bäsleşikleri hem aýratyn zehinli, başarjaň zenanlary ýüze çykarmaga uly mümkinçilikleri berýär. Bu babatda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly etrabymyzyň zenanlarynyň durmuşynda uly üstünliklere beslendi. Ýagny «Edepli hem çeper elli türkmen gözeli» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda etrabyň pagta egriji fabriginiň hünärmeni Tawus Gurbanmedowa üstünlikli çykyş etdi, «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşikde etrabyň Täzeýol geňeşliginiň Täzeýol oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Jeren Amanowa döwlet derejesinde 3-nji orna mynasyp boldy. «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda etrapdaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Maral Halnazarowa, 17-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi Gülbahar Hudaýbergenowa dagy degişli ugurlar boýunça çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Etrapdaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy Altyn Baýmyradowa «Ene — döwletlilik» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda üstünlikli çykyş etdi, Akderýa geňeşligindäki 295-nji oba saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy Sapargül Çomakowa öz maşgalasy bilen «Döwleti hem halky beýgeldýän ynsanlardyr» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda 3-nji orna mynasyp boldy. Bu görkezijiler zenanlar bilen dürli ugurlara degişli geçirilýän işleriň döwrüň talabyna mynasyp derejede netije berýändigini görkezýär.
      Şonuň ýaly-da, günüň derwaýys meselelerini öz içine alýan wagyz-nesihat çärelerinde kämil nesil terbiýesi, sagdyn durmuş ýörelgesi, maşgala gymmatlygy, ahlak-edep kadalary, milli gymmatlyklarymyz, görüm-göreldäniň belent nusgalary, halypa-şägirtlik mekdebini ösdürmegiň ähmiýeti dogrusynda söhbetdeşlikler guralýar, olaryň durmuşda amal edilmegi hemişe üns merkezinde saklanylýar.
      Bagtyýar zenanlarymyzyň kämil ýaşaýyş-durmuşynyň üpjün edilmegi babatda yzygider alada edýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz ýürekdendir.