DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bagban bagyndan belli

                                          Bagban bagyndan belli
     S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň çäginde ýerleşýän, Iskender Hojaýewiň adyny göterýän oba obanyň miweli baglary bada-bat ünsüňi çekýär.
Bu bagyň bagbany, Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanan, 40 ýyldan bäri, biregne, Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde mehanizator bolup işläp gelýän Ikram Jumaniýazow bagbançylygyň inçe tilsimleri barada şeýle gürrüň berdi:
     — Men çagalykdan obada, atyz-çiliň arasynda kemala gelen adam. Bütin ömrüme mehanizator bolup zähmet çekdim. Bagbançylyk bilen meşgullanyp başlanyma 15 ýyl töweregi bolup ýörendir. Ilkibaşda mellegimde 100 düýp nar nahalyny ösdürip ýetişdirdim. Soňra bir gektar kärende ýer alyp, şonuň ýarysyndan gowragyna 300 düýp nar, galan bölegine alma, armyt, erik, garaly, şetdaly ýaly dürli miweli agaçlaryň nahallaryny ekdim. Elbetde, nar ýylylygy söýýän, sowuga, aýaza dözümsiz bag hasaplanýar. Şonuň üçin hem welaýatymyzyň toprak-howa şertleri nar baglaryna aýratyn ideg etmegi talap edýär. Görşüňiz ýaly, häzir naryň miwesini ýygmak gyzgalaňly dowam edýär. Noýabr aýy aýaklaberende howa mazaly sowap başlaýar. Şol mahal gar-gyrawa aldyrman, narlary gömmek işi ýerine ýetirilýär. Öz ugruna seresaplylyk bilen ýere ýatyrylan naryň pudaklary ýeken desseleri bilen basyrylýar, soňra üsti toprak bilen örtülýär. Nar agajynyň şahalarynyň örän çeýe bolýandygy üçin olar gömlen mahaly omrulmaýar. Bu möwsümde eserdeňligi elden berip, nar baglaryny sowuga aldyrsaň, indiki ýylyň miwesinden el üzübermeli bolýar. Gömlen baglar ýere ýyly girenden soň açylýar. Nar baglarynyň suw tutmak, dökün bermek ýaly ideg işleri hem ýaz aýlarynda ýerine ýetirilýär.
     Goşa ýumruk ýaly narlary synlap duran bagbanyň çeken halal zähmetiniň miwesine guwanýandygy onuň her bir sözünden duýulýar:
     — Bu ýyl tüýs daýhanyň ýyly boldy. Bazara barsaň, bolçulykdan ýaňa gözüň dokunýar. Gözüň ýagyny iýip barýan gökli-gyzylly almalar, eliňe agram salýan salkym-salkym üzümler, çog gyzyl dänelerini güjeňleýän narlar, garaz, aýdan miwäň bol, hem elýeterli nyrhda bar. Bu nämäniň alamaty?! Elbetde, bu ýurdumyzda daýhanlaryň zähmet çekmegi, önüm öndürip, halal baýamagy babatda ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigini aňladýar. Munuň üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! — diýip, Ikram Jumaniýazow ýürek buýsanjyny beýan etdi.