DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Şöhratly taryhymyza sarpa

                  Şöhratly taryhymyza sarpa
     Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen, golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy Köneürgenç şäher häkimligi, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Geçmiş taryhymyz — milli buýsanjymyz» atly şygar bilen gezelenç çäresini hem-de «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik gurady. Çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda «Müň derwezeli şäher» ady bilen buýsançly ýatlanylýan gadymy Köneürgenjiň ýadygärliklerine gezelenç etdiler. Gezelenjiň dowamynda «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri arheologik ýadygärlikleriň ähmiýeti, olaryň goralyp saklanylyşy, geçmiş taryhymyzy öwrenmekde bu ýadygärlikleriň orny barada gyzykly gürrüň berdiler. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu taryhy topragyň gülläp ösen döwürleri hakyndaky gürrüňler gezelenje gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
      Soňra Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 9-njy orta mekdepde «tegelek stoluň»  başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda milli medeni mirasy gorap saklamak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler, taryhy ýadygärliklerimiziň ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki orny barada giňişleýin gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeni mirasy goramak babatynda ÝUNESKO bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň ähmiýetlidigi dogrusynda bellenip geçildi. Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýdyldy.