DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Zemin görki — ýaşyl bag

                       HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ AK PATASY BILEN ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI
     Garaşsyz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň çäklerinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümine badalga berilmegi mynasybetli Daşoguz welaýatynda guralan dabara örän işjeň ýagdaýda, şowhun-şagalaňa beslenip geçdi. Şonda ir bilen welaýatyň ýolbaşçylary, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar dabaranyň geçýän ýerine — Daşoguz — Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda bag ekmek üçin niýetlenilen giň meýdana ýygnandylar.
     Meýdanyň bir çetinde guralan belent sahna, onuň töweregini jähekläp hatarlanyp oturan ak öýler, halkymyzyň gadymy gymmatlyklarynyň, oba hojalyk işlerinde ulanan gurallarynyň, ata Watanymyzyň gülläp ösüşlerinden gürrüň berýän kitaplaryň, çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň çeken suratlarynyň sergileri töwerege baýramçylyk öwüşginini çaýyp, hemmeleriň göwünlerini galkyndyryp, adamlara toý şatlygyny bagyş etdi. Belent sahnanyň öňündäki meýdançada welaýatyň medeniýet-sungat ussatlarynyň, ýaş aýdymçylarynyň ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary  hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleriniň, ata Watanymyzyň, halkymyzyň, päk zähmetiň waspyny ýetirip, olaryň şanyna hyjuwly ýaňlandy. Şeýle joşgunly, göwne ýakymly görnüşler ildeşlerimiziň ata-babalarymyzyň bag ekmek ýörelgelerine ygrarlydygyna, bu ýörelgeleriň rowaçlandyrylmagyna bolan höwesleriniň örän ýokary derejededigine şaýatlyk etdi.
     Il sylagly ýaşulularyň baş bolmagynda ählihalk bag ekmek dabarasyna  başlanýar. Şu halatda ýaşulular ellerine pil alyp nahal oturtmak üçin bellenilen ýerlere bardylar. Soňra ýaşuly hem-de ýaş nesilleriň wekilleri nahal oturtmaklyga girişdiler. Şonda olaryň sazlaşykly hereketleriniň netijesinde täze ekilen nahallaryň uzyn hatarlary peýda boldy. Şeýle pursatlarda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda badalga berlen ählihalk  bag ekmek dabarasynyň rowaç almagy, halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen baglaryň has-da artmagy barada ýagşy arzuw-dilegler edildi.