DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Rowaçlyga beslenen ýylymyz

                  Rowaçlyga beslenen ýylymyz
       Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda gazanylýan uly ösüşleri, ýetilen belent sepgitleri Diýarymyzyň islendik künjegine ser salanyňda hem görmek bolýar. Bu ajaýyp ýylymyzyň rowaçlyklaryny dabaralandyrmak boýunça çäreler, duşuşyklar, sergiler, maslahatlar ähli edara-kärhanalarda, medeniýet ojaklarynda yzygiderli geçirilýär.
      Ýakynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda «Rowaçlyga beslenýän Watanymyň şöhratly taryhynyň beýany» atly surat sergisi geçirildi. Sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan, şu ajaýyp ýylymyzy, bagtyýar döwrümizi wasp edýän birnäçe suratlar, heýkeller, muzeý gymmatlyklary görkezildi. Sergini synlamaga gelen adamlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň at-abraýynyň has-da belende galýandygyny, bedew bady bilen rowaç ýollarda öňe sary barýandygyny buýsanç bilen bellediler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň ýeňişli menzillerini suratlandyrýan serginiň köp adamly bolmagy halkymyzyň döwrümize bolan buýsanjynyň has-da ýokarydygynyň alamatydyr.