DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Howpsuzlyk düzgünleri berjaý edilmelidir

                                     Howpsuzlyk düzgünleri berjaý edilmelidir
      Howanyň sowap başlamagy bilen baglylykda, ähli ýerlerde otaglary ýyladyjy enjamlar örän köp ulanylýar. Şeýle bolansoň, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi size ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň käbir kadalaryny ýatladýar. Ýyladyjy peçleriň saz işleýşini barlamaly, şeýle-de olaryň tüsseçykarlaryny gurumlardan öz wagtynda arassalamaly. Peçlere barýan gaz geçirijiler demir turbalar arkaly geçirilmeli. Gaz peçlerini çenden aşa gyzdyrmak, töwereginde geýimleri guratmak we beýleki ýanyjy öý goşlaryny goýmak, işjeň ýagdaýda gözegçiliksiz galdyrmak gadagan edilýär. Gaz-elektrik plitalarynda nahar ataryp, gözegçiliksiz galdyrmak ýa-da çagalara gözegçilik etmegi tabşyrmak talabalaýyk däldir. Näsaz we senetçilik usulynda ýasalan gyzdyryjy gaz-elektrik enjamlaryny ulanmak gadagan edilýär. Suw gaýnadyjy, otag ýyladyjy enjamlary ulanmazdan öň olaryň aşagyna oda durnukly gatlagy düşemeli. Bir wagtyň özünde birnäçe kuwwatly elektrik energiýasyny sarp edijileri bir birikdirijä birikdirmek örän howpludyr. Jaýyň elektrik-gaz ulgamynda özbaşdak gurnama-abatlaýyş işlerini geçirmek, näsaz elektrik birikdirijileri, geçirijileri ulanmak gadagan edilýär. Merkezleşdirilen ýyladyş ulgamy bilen üpjün edilen köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda gaz bilen işleýän ýyladyjy enjamlary gurnamak gadagan edilýär. Ýyladyjy peçleriň tüsseçykarlary otagyň ýokarky gatlagyndan üçege çykarylanda tüsseçykaryjynyň turbasynyň 38 santimetr daş-töweregi oda durnukly materiallar arkaly ýangyna garşy gurluş bilen bölünmeli. Öçüriji, sazlaýjy ulgamlary bolmadyk ýyladyş peçleriniň ulanylmagy, gazyň syzmagy ýaly howply ýagdaýlar ýüze çykarylanda peçleri ulanmak gadagan edilýär.
      Ýyladyş peçlerini işläp duran wagty gözegçiliksiz galdyrmak, ulanyş düzgünlerini bilmeýän adamlara peýdalanmaga rugsat bermek gadagan edilýär. Ýyladyş peçleriniň tüsseçykarlarynyň howa çekijiligini has-da gowulandyrmak üçin olary üçekden ýarym metr ýokarlygyna çykarmaly. Gazyň ysy otagda duýlanda gaz geçirijiniň nurbatyny ýapyp, ulanmagy bes etmeli, penjireleridir gapylary doly açyp, otagyň içini ýelejiretmeli. Şeýle ýagdaýda açyk otdan peýdalanmak, işläp duran elektrik enjamlaryny öçürmek gadagan. Şonda hem gazyň ysy gelip dursa, onda haýal etmän gazlaşmadyk ýerden Gaz hojalyk gullugyna — telefon arkaly 04 belgä habar bermeli. Ýyladyş peçleriniň tüsseçykary penjirelerden keseligine çykaryp gurnalanda, onuň üstki tekizligi bilen ýanyjy potologyň aralygy 1 metrden az bolmaly däl. Gaz bilen işleýän ýyladyş peçleri ýanyjy diwarlardan 1 metrden az bolmadyk aradaşlykda ýerleşdirilmeli. Ýyladyş peçleri oda durnukly, ýanmaýan materiallaryň üstünde gurnalyp, olaryň aşaky tekizliginden ýanmaýan materiala çenli aralyk 30 santimetrden az bolmaly däl.