DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Wagyz-nesihat duşuşygy

                                    Wagyz-nesihat duşuşygy
          Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde talyp gyzlaryň arasynda «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa mährem eneler, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygynda   çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleri esasynda terbiýelemek we olaryň arassa ahlakly, bilimli, ylymly, ata Watana, il-güne wepaly bolup ýetişmeklerinde mährem eneleriň orny hem-de zenanlaryň saglygyny goramak babatda döwletimiz tarapyndan edilýän tagallalar dogrusynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda zenanlaryň dürli ulgamlarda yhlasly zähmet çekmekleri, döredijilikli işlemekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýratyn nygtadylar. Duşuşykda maşgala mukaddesliklerine uly sarpa goýup, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.