DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Döwrebap bank hyzmatlary

                        Döwrebap bank hyzmatlary
       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bank ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. «Türkmenistanyň ykdysady-maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän işler dogrusynda Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň welaýat şahamçasynyň oba hojalyk önümçiligini karzlaşdyrmak bölüminiň başlygy Arslan Nepesow bilen söhbetdeş bolduk. Ol häzirki wagtda bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, kiçi we orta telekeçiligi goldamakda, täze bank hyzmatlaryny hödürlemekde, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmekde gazanylýan üstünlikler barada gürrüň berdi:
     — Şahamçamyz boýunça kärendeçileriň eline degişli pullar nagt däl görnüşinde hasaplaşmak üçin olaryň «Altyn asyr» plastik kartlaryna geçirilýär. Oňa düşýän serişdeleriniň galyndylaryna ýyllyk 5 göterim derejesinde göterimler hasaplanyp, olar aýma-aý kart hasabyna geçirilip, raýatlaryň girdejilerine oňyn täsirini ýetirýär. «Daýhanbank» DTB-niň müşderisi bolan hem-de daýhan birleşigi bilen içerki kärende şertlerinde işleýän kärendeçilere edilýän hyzmatlaryň we goýberilýän maddy serişdeleriň tölegi üçin kärhanalardan karz almaga niýetlenen 2 göterim ýeňillikli karzlary bermek «Kärendeçileriň karz kartynyň» üsti bilen amala aşyrylýar.  Mundan başga-da, ýakynda Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB tarapyndan ulanyjylaryň hasaplaryny döwrebap we ýönekeý usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Menzilara bank hyzmaty» ulgamy peýdalanmaga hödürlenildi. Ol özbaşdak karz serişdelerine gözegçilik etmäge, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşyp, dürli görnüşdäki bank amallaryny ýerine ýetirmäge niýetlenendir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem şahamçamyz tarapyndan oba hojalygynda zähmet çekýän adamlardan başga-da, hususy önüm öndürijilere, ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga isleg bildirýänlere karz serişdelerini bermek boýunça-da işler alnyp barylýar. Şeýle hem köp çagaly maşgalalara, talyplara zerur bolan bank hyzmatlary ýola goýulýar.