DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ekişiň depgini ýokary

                              Ekişiň depgini ýokary
       Welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bugdaý ekişi möwsümine öz wagtynda girişmek bilen, bu gaýragoýulmasyz çäräniň depginini günsaýyn ýokary göterýärler. Munuň şeýledigini bu ugurda Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan işlerden hem görmek bolýar. Bu barada daýhan birleşiginiň baş agronomy Kakabaý Täjowyň aýtmagyna görä, şu ýylyň bugdaý ekişi möwsüminde daýhan birleşigi boýunça 1000 gektardan gowrak meýdana tohum taşlamak wezipesi öňde durýar. Bu işe şeýle guramaçylykly girişilmegi bilen, häzirki wagta çenli şol ýerleriň 200 gektaryndan gowragynda ekiş talabalaýyk geçirilipdir. Belläp geçişimiz ýaly, daýhan birleşiginiň gallaçylary, mehanizatorlary häzirki günleriň her bir pursadyndan netijeli peýdalanmaga çalşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar.