DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Teatryň güýz möwsümi

                 Teatryň güýz möwsümi
      Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda güýz möwsümine badalga berildi. Möwsümiň ilkinji sahna oýny hökmünde «Ygrar ataşy» atly spektaklyň saýlanyp alynmagynyň aýratyn ähmiýeti bar. Spektakl Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri esasynda sahnalaşdyryldy. Bekmyrat Hallyýewiň režissýorlyk etmeginde sahnada goýlan eseriň edebi esasy Öremyrat Öwezowyň galamyna degişlidir. Möwsümiň dowamynda tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna mynasyp bolan «Synag», «Soltan Jelaleddin», «Ene toprak» ýaly täsirli sahna eserleri hem görkeziler.