DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Türgenlerimiziň üstünligi

                      Türgenlerimiziň üstünligi
        Golaýda gözel paýtagtymyzda geçirilen welosportuň şosse görnüşi boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Türkmenistanyň birinjiliginde Daşoguz şäherindäki 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň türgenleri üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Welosiped sporty federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşda bu mekdebiň türgenleri Alibek Ýusupow, Amaliýa Dawletowa dagy 2006 — 2008-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda ýeňiş gazanmagy başardy. Şeýle hem bu ýaryşda ýaş türgenler Mansur Durdyýew ikinji, Sanjarbek Ýusupow üçünji orunlary eýelediler.