DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Sungatyň ýaşajyk muşdagy

                 Sungatyň ýaşajyk muşdagy
      Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri — 2022» atly aýdym-saz bäsleşigine welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 77-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Kemal Durdymädow hem gatnaşyp, baýrakly orna eýe bolmagy başardy. Biz hem Kemal bilen bäsleşige taýýarlanyşy, aýdym-saz sungatyna bolan hyjuwy hem-de bu ýoldaky maksatlary barada gürrüňdeş bolduk.
        — Maňa her bir güni ajaýyp ýeňişlere beslenýän eziz Diýarymyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri — 2022» atly aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagtynyň miýesser edendigine begenjimiň çägi ýok. Meni kakam, halypam Pirjan Sapargeldiýew taýýarlady. Aslynda, atam Durdymät Sapargeldiýew hem öz gezeginde tanalýan aýdymçy, doganymam kiçilikden aýdym-saz bilen meşgullanýar. 6 ýaşymdan bäri aýdym aýdyp başlamagymda-da, sungata bolan söýgimiň, yhlasymyň ýüze çykmagynda-da şolaryň hyzmaty uly. Atam, kakam hem-de doganym dagy Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň ýolundan aýdym aýdýarlar. Menem olaryň aýdýan aýdymlaryny diňläp, şol aýdymlara hiňlenip, aýdymçy bolmagy ýüregime düwdüm. Bu aýdymlar bilen birlikde dessanlardan parçalary, aýratynam, «Görogly» şadessanyndan aýdymlary aýtmagy halaýaryn. Men bäsleşigiň welaýat tapgyrynda «Ärsarynyň gyzy» diýen meşhur halk aýdymy ýerine ýetirdim. Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen jemleýji tapgyrda bolsa Magtymguly Garlyýewiň «Görogly» şadessanyndan «Daglara» diýen aýdymy ýerine ýetirip, emin agzalaryň ýokary bahasyna mynasyp boldum.
      Ajaýyp pursatdan peýdalanyp, halkymyzyň bolelin, bagtyýar, parahat durmuşda ýaşamagy üçin alada edýän, şeýle-de biz — çagalara ukyp-başarnygymyzy açmaga, berkarar döwletimizi wasp etmäge uly şertleri döredýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!