DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bäsdeşlige ukyply önümler

                    Bäsdeşlige ukyply önümler
         Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji fabrigiň öndürýän dürli görnüşli ýüplükleri içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Ýurdumyzyň dokma senagatynyň bu kärhanasynda çykarylan, bäsdeşlige ukyply önümleriň aglaba bölegi Russiýa, Türkiýä, Gazagystana we beýleki ýurtlara eksport edilýär. Kärhananyň işçi-hünärmenleri şu ýylyň başyndan bäri 28 million 737 müň manatlyk ýüplük öndürdiler. Ol geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli köp bolup, ösüşiň depgini 109,2 göterime barabar boldy. Içerki we daşarky bazarlarda öndürýän önümlere islegiň barha artýandygyny nazara alyp, toparyň ähli agzalary ýokary jogapkärçilik bilen zähmet çekýärler. Tehnologiki enjamlaryň bökdençsiz işini ýola goýmak, stanoklaryň we beýleki enjamlaryň täze nesline tehniki hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek gerek. Olaryň işi dolulygyna kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar. Kärhananyň garamagyndaky barlamhana «Uster» sweýsar gözegçilik-ölçeg enjamlary bilen üpjün edilensoň, önümleriň hilini kesgitlemekde hiç hili kynçylyk ýüze çykmaýar. Fabrigiň ýokary öndürijilikli işi, häzirki zaman tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanylmagy işleriň netijeliligini artdyrmagyň esasy serişdesi bolup durýar.