DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ahlak ýörelgeleri wagyz edildi

                    Ahlak ýörelgeleri wagyz edildi
       Golaýda Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkezinde TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Dabarada guralan çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda edep-ekram düşünjesini tug edinen halkymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň türkmen maşgalasyna mahsus milli mukaddeslikleriň, edim-gylymlaryň, ahlak ýörelgeleriniň esasynda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi, sypaýylyk, hoşgylawlylyk, mähir-mylakatlylyk ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleriň türkmen gyzlarynyň mertebesini has-da beýgeldýändigi nygtalyp, ýaş gyzlara milli el işleriniň ähli görnüşleriniň ýaşlykdan öwredilmeginiň aýratyn üns merkezinde saklanylmalydygy ündeldi.