Yhlasa — myrat
Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, ýaşlara döwrüň talabyna laýyk derejede bilim berilýär. Şonuň netijesinde bagtyýar ýaşlarymyz dürli ulgamlarda ýeňişli menzillerde ynam bilen öňe barýarlar. Şeýle zehinli okuwçylaryň biri hem Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Süleýman Koçkarowdyr. Ol sapaklaryndan daşary başlangyç synpdan bäri küşt oýny bilen gyzyklanýar. Ol 8-9-njy synplarda okaýan döwürlerinde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň şäher tapgyrynda matematika dersi boýunça 2-nji orna mynasyp bolýar. Soňra ol öz zehinini daşary ýurtlarda geçirilýän olimpiadalarda synap görmek maksady bilen, 2021-nji ýylda Moldowa Respublikasynda onlaýn usulda geçirilen 25-nji Halkara matematika Olimpiadasynda bürünç medala mynasyp boldy. «Zähmet soňy — rehnet» diýlişi ýaly, yzygiderli taýýarlygyň netijesinde, Süleýman 2021-nji ýylda onlaýn usulda geçirilen 8-nji Eýran Geometriýa olimpiadasyna hem gatnaşyp, bürünç medala eýe bolýar.