DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Dili senaly ene

                                              Dili senaly ene
       Bu söhbetdeşligi göz öňüme getirenimde, soraglaryma gysga jogaplary berýän enäniň keşbi hyýalymda janlanypdy. Emma bu ýagdaý pikir edişimden düýpgöter başgaça boldy. Bosagada bizi ýylgyryp garşy alan Amangül enäniň mährem keşbine gözüm düşende, meniň ondan öň «Ene bilen söhbetdeşligimi nähili başlarkam?!» diýen ýaýdanmalarym, aljyraňňylygym zym-zyýat boldy. Entek egni dim-dik, berdaşly enäniň gowy saklanan göwresine ýüzündäki ylahy nur, gözlerindäki bagtyýarlyk uçgunlary, kalbyndaky ýagşy arzuwlary, ýüregindäki oňyn niýetleri, dilindäki süýji sözleri güýç berýän ýaly. Mährem enäniň bu nurana keşbi bize ylham bagyşlady. Amangül ene meniň özüne berjek soraglarymy gözlerimden okaýan ýaly jogap berýärdi. Uzak ýaş, onda-da 100 ýaşy arka atmak ykbalyň ynsana eçilen bagt peşgeşi. Biziň häzirki gürrüňini edýän uzak ýaşly enemiz Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy Amangül Saparowa. Amangül ene şu ýylyň 1-nji iýunynda 101 ýaşady. Ol tüýs Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar enesi. Bagtyýar ene töweregine üýşüp oturan agtyklarydyr çowluklaryny özüniň gyzyldan gymmatly öwütleri bilen halal zähmete ugrukdyryp, olaryň bagtyna guwanyp ýaşaýar.
      Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda berkarar döwletiň iň bagtly enesi bolup sylanyp, sarpalanyp, döwrümize guwanyp, beýik Biribardan ýurt asudalygyny, il abadanlygyny, hormatly Prezidentimiziň saglygyny, belent başynyň aman bolmagyny, Türkmenistan döwletimiziň ýeten belent sepgitlerine gözli şaýat bolup, ýene 101 ýaşamagy arzuw edip ýaşap ýörün, balam! — diýip, joşgunly kalbynyň buýsanjyny beýan etdi.