DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Mekdep bazarlaryndaky gyzgalaňly söwda

                       Mekdep bazarlaryndaky gyzgalaňly söwda
      Täze, 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanmagyna, ak mekdeplerde ilkinji jaňlaryň kakylmagyna sanlyja günler galdy. Eýýäm birnäçe wagtdan bäri ene-atalar okuwa höwesli çagalaryna mekdep esbaplaryny, lybaslaryny we beýleki zerur zatlary almagyň aladasyny edýärler. Olaryň şol aladalaryny ýeňilleşdirmek üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde mekdep bazarlary, söwda nokatlary hereket edip, raýatlarymyzyň isleglerini doly derejede kanagatlandyrýarlar. Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde döredilen mekdep bazarlarynda ene-atalaryň mekdebe ilkinji gadamyny basjak şadyýan çagalary bilen ruhubelent ýagdaýda söwda edip ýören pursatlaryny göreniňde, olarda mekdep harytlarynyň köpdürlüdigine, ýokary hillidigine, bahasynyň elýeterlidigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Harytlardan doly söwda nokatlary müşderilere göwün islegine görä saýlamak mümkinçiligini döredýärler. Mekdep bazarlaryndaky ýurdumyzyň telekeçileriniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň öndüren okuw esbaplarynda taryhy ýadygärliklerimiziň, häzirki döwrümiziň binalarynyň suratlarynyň dürli öwüşginlerde, reňklerde, owadan şekilde ýerleşdirilmegi çagalaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Ýurdumyzyň tikinçilik kärhanalarynyň tiken taýýar mekdep lybaslarynyň, öňlükleriniň ýokary hillidigi, dürli biçüwlidigi, bahasynyň elýeterdigi alyjylarda kanagatlanma duýgusyny döredýär. Mekdep bazarlarynda söwda edip ýören, talyplyk bagtyna eýe bolan ýaşlary-da, bilim ojagyna ilkinji gezek barjak nurana çagalary-da görmek bolýar. Egin-eşikleri, ýantorbalary saýlap-seçip satyn alýan çagalaryň, ene-atalaryň döwrümize, hormatly Prezidentimize ýürekden çykýan alkyşlaryny yzygiderli eşitmek bolýar. Hakykatdan hem, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň saýasynda bolelin durmuşda ýaşaýan ýaşlarymyzyň bilim almagy, okamagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Şol aladalaryň netijesinde ajaýyp döwürde ýaşaýan çagalaryň şadyýanlygy her bir ene-atanyň buýsanjyny artdyrýar. Mekdep bazarlarynda söwda edýän eneler bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar öz ýürek buýsanjynyň dowamynda bu erkana Diýarda ýaşamaga, işlemäge, okamaga döreden mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler. Her bir ene-ata üçin çagalarynyň bagtly pursatlaryny görmek diýseň guwandyryjy. Mekdep bazarlarynda çagalarynyň göwün islän harytlarynyň bir söwda nokadyndan bitmegi ähli adamlar üçin wagtlaryny tygşytly ulanmaga kömek edýär. Şeýle eşretli zamanada ýaşaýandygymyz üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.