DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Täze hasylyň binýady

                                Täze hasylyň binýady
       Häzirki wagtda täze ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak işleri welaýatymyzyň ähli etraplarynyň daýhan birleşiklerinde gyzgalaňly dowam edýär. Bu işler daýhandan aýratyn jogapkärçiligi talap etmek bilen, geljekki bol hasylyň kepili bolup durýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge önjeýli goşant goşmagy maksat edinen Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň «Şabat» daýhan birleşiginde hem barha giň gerim alýar. Daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň güýzünde 2550 gektar meýdana güýzlük bugdaý ekmegi göz öňünde tutýarlar. Daýhan birleşikde täze ýylyň hasyly üçin ekişe taýýarlyk işlerine bugdaý hasyly ýygnalan badyna girişildi. Samandan arassalanan ýerlerde şüdügär sürümi, tekizleme, çil çekmek giň gerim bilen ýaýbaňlandyryldy. Ýerleri güýzlük bugdaý ekişine taýýarlamakda daýhan birleşiginde bar bolan tehnikalar öndürijilikli işledilýär. Daýhan birleşigimiziň edermen gallaçy kärendeçileri güýzlük bugdaýyň ekiljek ýerlerine suw tutmak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Meýdan işleriniň agronomçylyk görkezmelerine laýyk geçirilmegi üçin oňa hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär.