DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Baglar zeminiň görki

                                 Baglar zeminiň görki
      Häzirki döwürde welaýatymyzyň haýsy bir obasyna, haýsy bir daýhan birleşigine barsaň hem hususy melleklerdäki baglarda bol hasyl berýän dürli görnüşli miweli agaçlara gözüň düşýär. Şu babatda Gubadag etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginde ýaşaýan guýmagursak bagban Rozumbaý Orazbaýewiň daýhançylyk tejribesi bellenmäge mynasypdyr. Ol özüniň hususy melleginde üzüm baglaryndan hemişe bol hasyl alyp gelýär. Munuň özi Rozumbaý aganyň daýhançylygyň, bagbançylygyň inçe tilsimlerini kemsiz bilýändiginiň subutnamasydyr. Onuň hususy melleginde ülje, alma, garaly, çereşnýa, armyt, zeýtun, hoz, gara kişmiş, sary kişmiş üzümleri, ýertudana ýaly dürli miweli baglary çar tarapa öwüşgin paýlap otyr. Bu gün etrabyň ähli daýhan birleşiklerinden, obalaryndan gelip, onuň iş tejribesini uly höwes bilen öwrenýärler. Bag agaçlaryna ideg etmekde, ýetişen miweleri ýygnap almakda Rozumbaý aganyň maşgala agzalary — ýanýoldaşy Tamara Rejepowa, ogly Ýusup, gyzy Saodat, agtyklary Aýnur, Selbi dagy ýakyndan ýardam berýärler. Häzirki wagtda bagban ýetişen hasyly ýygnamak işleri bilen gümra. Üstümizdäki ýylda hem bu bagban öz bagynda zerur çäreleriň ählisini wagtynda berjaý etdi. Şonuň netijesinde, ol şu mahala çenli miweleriň esli möçberdäki hasylyny ýygnap, halkymyzyň saçagyna ýetirdi. Netijede, bagban öz baglarynda ýadawsyz iş alyp barmak bilen, bazarlarymyzdaky bolçulyga mynasyp goşant goşýar. Bag bagban maşgalasy üçin juda mukaddes. Maşgalanyň elini uzadan ýerine ýetirýär, olara ýokary girdeji, at-abraý getirýär.
      — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halkymyz bolelin durmuşda ýaşaýar. Her bir günümiz toýlara, baýramlara beslenýär. Bazarlarymyz hemişe halkymyzyň isleg bildirýän azyk önümlerinden, bereketli saçaklarymyz dürli naz-nygmatlardan doly. Bagtyýar döwrümizde halkymyzyň saçaklarynda nygmatlaryň bol bolmagyna goşandymyzyň bardygy üçin özümizi juda bagtly saýýarys. Bize işlemäge, döretmäge, halypa-şägirtlik ýörelgelerini dowam etdirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! — diýip, Rozumbaý Orazbaýew ýürek buýsanjyny beýan edýär.