DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Gülleri bar, göller bilen bäsleşer

                          Gülleri bar, göller bilen bäsleşer
      Döwürlere mähribanlyk şuglasyny çaýýan, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleriniň nusgalaryny täzeçe öwüşgin bilen bezäp, mynasyp dowam etdirýän zenanlar uly abraýa, sylaga eýedir. Şeýle hormata mynasyp, işine erjel zenanlaryň biri welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy, etrap zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Bazargül Annaýewadyr. Milli senedimiz bolan keçe taýýarlamagy ussatlyk bilen başarýan zenan Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde ezber elli zenanlaryň arasynda yglan edýän «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 2-nji orna mynasyp bolmagy başardy.
       — Bazargül mugallym, ilkinji nobatda, sizi gazanan üstünligiňiz bilen gutlaýarys. Bäsleşigiň özüňizde galdyran ýakymly täsirleri barada berjek gürrüňleriňiz okyjylarymyz üçin gyzykly bolsa gerek!
      — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda meniň durmuşymda ýatda galyjy pursatlaryň birine öwrülen «Gülüň owadan!» atly bäsleşige gatnaşandygyma buýsanjymyň çägi ýok. Diýseň gyzgalaňly we çekeleşikli ýagdaýda dowam eden bäsleşikde ezber elli zenanlarymyz bilen keçäniň täze nusgalary barada özara pikir alyşmak, öwretmek hem-de öwrenmek üçin pursatlaryň döremegi bu bäsleşigiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Zenanlaryň ýaz ýakymly keçeler hakyndaky täsin rowaýatlary, gürrüňleri mende ýakymly täsirleri galdyrdy. Ýeri gelende, bäsleşikde topardaşym, Akdepe etrabynyň Agöýli geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Läle Durdyýewa bilen baýzy ýüňünden gadymy ýadygärliklerimiz — Nejmeddin Kubranyň, Soltan Alynyň aramgähleriniň hem-de Gutlug Temiriň minarasynyň şekillerini ýerleşdiren keçämiziň eminler toparynda, bäsleşige gatnaşýan zenanlarda uly gyzyklanma döredendigini belläsim gelýär.