DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ösüşiň röwşen ýoly.

                                       Ösüşiň röwşen ýoly.
      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri köňüllere egsilmez joşgun bagyşlady. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň uly dabaralara beslenýän günlerinde halkymyzyň durmuşynda bolup geçýän ýatdan çykmajak wakalar her bir adamyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri halkymyzyň arasynda giňden wagyz etmekde bolsa döredijilik işgärleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň alyp barýan işleri aýratyn möhüm orna eýe bolup durýar. Şundan ugur alyp, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy TDP-niň Daşoguz şäher komiteti bilen bilelikde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň röwşen ýoly» ady bilen maslahat geçirdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata partiýa işjeňleri, döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Allanazar Müňbaýew, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Bahargül Amanowa, Daşoguz pagta egriji fabriginiň işgäri Aýbibi Meredowa dagy çykyş edip, Arkadagly Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp durmuşa geçirýän beýik işleri dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Maslahatyň dowamynda TDP-niň hataryna kabul edilen Daşoguz pagta egriji fabriginiň işgärleriniň bir toparyna agzalyk şahadatnamalary we sowgatlar gowşuryldy. Döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.