Kitap gorlary baýlaşýar.
Golaýda welaýat kitaphanasyna Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň türkmen, rus, «Abadançylygyň röwşen gadamlary» kitabynyň, «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynyň (Saýlanan eserler. 2020 ýyl) 14-nji jildiniň rus dillerindäki neşirleri gelip gowuşdy. Şeýle-de «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» (2020 ýyl) atly kitabyň rus dilindäki neşiri, ýazyjy Täşli Gurbanowyň powestler we hekaýalar ýygyndysy okyjylaryň isleginden peýdalanýan neşirleriň sanawyna goşuldy.