2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Igde ýaprak gawuny.

                     Igde ýaprak gawuny.
     Köneürgenç etrabynyň bakjaçylary ir, aralyk hem-de güýz aýlary sowuk urmazdan öň bişýän gawun-garpyzlaryň birnäçe görnüşleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Daýhanlaryň zähmet siňdirip kemala getirýän bakja önümleriniň biri-de igde ýaprak gawunydyr. Onuň ady il içinde «tartary», «emiri» diýlip hem tutulýar. Bu gawunyň ekiliş usuly adaty gawunlaryň ekilişi ýaly bolýar. Irgözinden gawun ekmek üçin ýer taýýarlanylýar. Ekiljek ýer kölçelere bölünip, tekizlenýär hem-de suwdan oňat gandyrylýar. Igde ýaprak gawuny gök-ýaşyl, goýy ýaşyl, ýaşyl-sarymtyl reňkli hem-de süýri, paçagy bolsa ýuka bolýar. Adyndan belli bolşy ýaly, gawunyň reňki igde agajynyň ýapraklaryna çalym edýär. Igde ýaprak gawuny iýul aýynyň ortalarynda bişip başlaýar. Gawunlar özboluşly tagamy, owadanlygy, terligi hem-de hoşboý ysy bilen tapawutlanýar. Ir döwürlerden bäri adamlar gawun kaklaryny taýýarlapdyrlar, mürepbe, toşap gaýnadypdyrlar hem-de juwazlarda çigidiniň ýagyny alypdyrlar. Ussatlyk bilen taýýarlanylýan bu önümlere häzirki döwrümizde hem isleg örän uludyr. Iýseň agzyňdan tagamy gitmeýän bu nygmat ýylyň ähli döwründe saçaklarymyzyň bezegi bolup gelýär. Berkarar döwletimizde bakja önümleriniň dürli görnüşlerini döwrebap usullarda ösdürip ýetişdirmeklige uly üns berilýär.