2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Döwrebap kärhananyň üstünlikleri.

                        Döwrebap kärhananyň üstünlikleri.
     Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetini ösdürmek, senagatyň gaýtadan işleýän pudagyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigine welaýatymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, 2010-njy ýylda ulanylmaga berlen Daşoguz pagta egriji fabriginiň häzirki wagtda alyp barýan işleriniň netijesinde-de aýdyň göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyzda ýetişdirilýän oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek barada yzygiderli alada edýär, bu ugurda degişli tabşyryklary berýär. Her bir ykdysady düzümiň kämilleşmegi, ösmegi üçin çig mal esasy serişde bolup durýar. Şeýlelikde, fabrik üçin esasy çig mal ýurdumyzda öndürilýän pagtadyr. Fabrikde pagta süýüminden edilýän ýüplük Türkmenistanyň dokma senagatynda giňden peýdalanylýar hem-de dünýä bazaryna eksport edilýär. Şonuň netijesinde bolsa ýurduň ykdysadyýetine uly girdeji getirýär. Bu ýerde öndürilýän ýüplükler ýokary hilliligi, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Pagta egriji fabrikde döwrebap, ýokary öndürijilikli enjamlar ornaşdyrylandyr. Şeýle enjamlaryň göwnejaý işledilmegi netijesinde, fabrigiň zähmet topary önüm öndürmek baradaky aýlyk, çärýeklik, ýyllyk meýilnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär. Munuň şeýledigini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen 6 aýynyň netijeleri hem görkezýär. Şonda bellenilen meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirilipdir. Işleriň ýokary depginde, göwnejaý alnyp barylmagynda bu ýerde zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň aýratyn goşantlary bar. Olardan Kunduz Sabirowa, Şemşat Çaryýewa, Nurulla Abdykerimow, Gülnabat Sopyýewa, Maýagözel Annageldiýewa dagyny agzamak bolar. Bu ýerde zähmet çekýän işgärleriň aglaba bölegini aýal-gyzlar düzýär.
      Pagta egriji fabrigiň hünärmeni, TKA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Mähri Durdyýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol häzirki wagtda bu ýerde dürli ölçegli ýüplükleriň öndürilýändigini, olara diňe öz ýurdumyzda däl, eýsem daşary döwletlerde hem uly isleg bildirilýändigini buýsanç bilen belledi:
— Fabrigimizde öndürilýän ýüplükler Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Gyrgyzystan, Hindistan, Azerbaýjan, Pakistan ýaly döwletlere eksport edilýär. Häzirki wagtda pagta egriji fabrigimizde işçi-hünärmenleriň 500-den gowragy zähmet çekýär. Olar iş egin-eşikleri we gorag serişdeleri bilen üpjün edilýär. Bu ýerde işçileriň göwnejaý dynç almagy we naharlanmagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Fabrikde 150 orunlyk naharhana bolup, onda işgärlere fabrigiň hasabyna wagtly-wagtynda çaý-nahar berilýär.
     Fabrikde öndürilýän önümler ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän bäsleşiklerde, sergilerde ýokary bahalara mynasyp bolýar. Fabrigimiziň işçi-hünärmenleri özleriniň şeýle ýokary iş depginlerini dowam etdirmek bilen, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgatly barmagy maksat edinýärler. Munuň özi olara ýene-de täze üstünlikleriň hemra boljakdygyna ynamy döredýär.