DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ýaşlar syýasaty — täze eýýamyň ganaty.

                             Ýaşlar syýasaty — täze eýýamyň ganaty.
     Şeýle buýsançly şygar astynda golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata TMÝG-niň welaýat, şäher we etrap geňeşleriniň ýolbaşçylary, işgärleri, işjeň agzalary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň uly buýsanç bilen belleýşi ýaly, bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir. Şonuň üçin ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň iň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyz ýaňy-ýakynda ýaşlar bilen duşuşyp, ýaşlar syýasaty boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Welaýatymyzda geçirilen maslahat hem bu barada öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryna bagyşlandy. Maslahatyň dowamynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Magsat Otuzow, Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Aýnur Ýusupowa, Gurbansoltan eje adyndaky etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Kerwen Öwezgulyýew, welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň döwlet gözegçiligi bölüminiň döwlet inspektory Laçyn Sapardurdyýewa, Daşoguz şäherindäki ýaş matematikleriň we fizikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň mugallymy Bägül Durdyýewa, Akdepe etrabynyň medeniýet bölüminiň işgäri Humar Kadyrowa, etrapdaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy Aýbölek Begenjowa, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçisi Hoşgeldi Serdarow, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby Bossan Kakajanowa dagy çykyş etdiler.
      Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň bagtyýar geljegi bolan ýaş nesil hakynda bimöçber aladalar etmek bilen, parlak geljegiň şu günden gurulýandygyny subut edýän meselelere aýratyn üns çekýändigini nygtap geçdiler. Ýaşlaryň iş, durmuş, dynç alyş şertleriniň kanun esasynda kämilleşdirilmegi, olaryň ylym-bilimden ýüküniň ýetirilmegi, saýlap alan hünärleri boýunça halal hem tutanýerli zähmet çekmekleri, öz başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin döredilýän mümkinçilikleriň bu günki gün ýokary netijelerini berýändigi uly buýsanç bilen aýdyldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki mejlisiniň gün tertibinde «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenilip, Gahryman Arkadagymyzyň Kanuna täze bentleri girizmek baradaky teklipleriniň ýaşlaryň durmuşyny mundan beýläk hem ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmäge uly mümkinçilik berýändigi barada çykyşlarda beýan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklipleriniň hatarynda ýaşlaryň ýokary ahlakly adamlar bolup ýetişmeklerini, ösen tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny, milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmeklerini gazanmak, Garaşsyz Watanymyza beýik söýgini, milli buýsanjy terbiýeleýän, bilim berijilik häsiýetli wagyz-nesihat işleriniň gerimini giňeltmek baradaky wezipeleriň durýandygy dogrusynda nygtaldy. Kanuna girizilmegi teklip edilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ýaşlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygy barada aýratyn durlup geçildi. Maslahatyň dowamynda gün tertibinde seredilen meseleler boýunça özara pikir alşyldy we täze wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da, maslahata gatnaşanlar ýaşlar barada döwlet derejesinde bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna çuňňur hoşallyk, päk alkyş sözlerini ör turup, belent hyjuw bilen aýtdylar.