2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Dalaşgär — 2022!

                              Dalaşgär — 2022!
     Ýurdumyzyň gülläp ösmeginde, döwletimiziň bedew batly ösüşler bilen öňe gitmeginde ylym-bilimiň aýratyn uly orny bardyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýip belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimiň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär. Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny hem-de 2022-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, okuwa kabul etmek möwsümini 11-nji iýul — 26-njy awgust aralygynda guramak bellenildi. Häzirki wagtda bu möhüm möwsümiň ilkinji tapgyryna — resminamalary kabul etmek işlerine badalga berildi. 11— 24-nji iýul aralygynda geçiriljek bu möwsümiň dowamynda bagtyýar ýaşlar özleriniň saýlan hünärleri boýunça degişli resminamalaryny tabşyrýarlar. Welaýatymyz boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalar Türkmen oba hojalyk institutynda, maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde hem-de Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7, 25, 28-nji orta mekdeplerde kabul edilýär. Ýeri gelende bellesek, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 15326 talyby, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 10490 talyby kabul etmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa geçen ýylka garanyňda, ýokary okuw mekdeplerine 320, orta hünär okuw mekdeplerine 380 talybyň artyk kabul ediljekdigini görkezýär.

       Günsaýyn ösýän we özgerýän eziz Diýarymyzda durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler kämil hünärmenleriň nesliniň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Şu okuw ýylynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze hünärleriň hem birnäçesi açyldy. Ykdysadyýetimize sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, soňky ýyllarda kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhanalar bina edildi we işe girizildi. Şundan ugur alyp, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary hünäriniň açylandygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Bu hem Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda sanly ulgamdan oňat baş çykarýan kämil hünärmenleriň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Döwrümize buýsanjy köňül töründen joşup çykýan bagtyýar ýaşlaryň ýüzlerindäki şatlyk alamatlary möwsümiň uly ruhubelentlik bilen üstünlikli geçiriljekdiginden habar berýär. Biz hem köňlünde beslän arzuwlaryna ýetip, saýlan hünäri boýunça talyp diýen belent ada mynasyp bolmakda dalaşgärlere üstünlikleri arzuw edýäris.