DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

«Ýaňlan, Diýarym!» — 2022!

                             «Ýaňlan, Diýarym!» — 2022!
     «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ruhy joşgunyny alamatlandyrýan dabaralar bilen ajaýyp sazlaşygy döreden, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry hem ýatda galyjy pursatlara baý boldy. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda guraldy. Alypbaryjylar bezemen toý sahnasynyň öňüne ýygnanan bagtyýar raýatlarymyzy bu ajaýyp şanly günler bilen gutlap, bäsleşige gatnaşýan höwesjeň aýdymçylary sahna çagyrdylar. Kalby aýdym-saza, milli medeniýetimize bolan buýsançdan doly bagtyýar ýaşlar gezekli-gezegine çykyş etdiler. Sungat bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşýan höwesjeň aýdymçylar ilki bir aýdymy doly ýerine ýetirip, soňra bolsa sazsyz bir bent aýdym aýdyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Halypalaryň her bir aýdymçynyň zehinine, aýdymlary ýerine ýetirişine beren bahalary, maslahatlary bäsleşige gatnaşýan ýaşlar üçin has-da täsirli boldy. 10 sany höwesjeň aýdymçynyň bäsleşige getiren joşgunly aýdymlary oňa tomaşa etmäge gelenleriň gyzgyn el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Bäsleşigiň dowamynda çykyş edenler ajaýyp döwrümizi, Arkadagly Serdarymyzy, gözel tebigatymyzy, bagtyýar durmuşymyzy taryplaýan joşgunly aýdymlary ýerine ýetirip, eminleriň ýokary bahalaryna mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşige gatnaşan ýaşlar ýurdumyzda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň arşa galmagy hem-de ösdürilmegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Eminleriň gelen netijesine görä, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçysy Batyr Agaýew hem-de Ruhubelent etrabynyň medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçysy Ogulsuraý Ataýewa ýeňijiler diýlip yglan edildi hem-de olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa gatnaşyjylaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Kalby alkyşdan doly höwesjeň aýdymçylaryň bilelikde ýerine ýetiren «Arkadagly Serdarymyz» atly joşgunly aýdymy bäsleşigiň jemlenmesine öwrüldi.