DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ykbala öwrülen kesb.

                                  Ykbala öwrülen kesb.
       Gurbansoltan eje adyndaky etrap medeniýet merkezinde küýzegär Gafur Koşaýewiň senetçilik önümleriniň sergisi guraldy. Sergide ululy-kiçili küýzeleriň, reňbe-reň toýun gap-gaçlaryň dürli görnüşlerini synlamak bolýar. Gadymy nagyşlar bilen haşamlanan küýzegärçilik önümlerini synlan pursadyň halkymyzyň maddy medeniýetiniň baýdygyna, milli senetçiligimiziň köp öwüşginlidigine buýsanýarsyň. Küýzegär bilen söhbetdeşligiň dowamynda muňa has hem anyk göz ýetirdik.
— Küýzegärçilik iň gadymy senetleriň biri bolsa gerek. Muny gadymy ýadygärliklerimizden tapylýan küýzeleriň, gap-gaçlaryň mysalynda hem anyk aýtsa bolar.
— Häzirki wagtda hem ulanyşdan galmaýan küýzegäriň zähmet endikleri, usullary we gurallary hem munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Hatda küýzegärçilik önümleriniň bezeglerinde, nagyşlarynda hem gadymy nusgalardan peýdalanýarys.
— Sergidäki gap-gaçlar gabarasy, haşamlanylyşy taýdan biri-birinden tapawutlanýan eken.
— Hawa, bu tapawut olaryň ulanylyşy bilen hem baglydyr. Küýzeler, golçalar, tabaklar, okaralar dürli maksatlar üçin niýetlenen. Häzirki wagtda toýun gap-gaçlaryň dürli görnüşleri öýleri bezemek üçin hem ulanylýar. Ýanlyk, diger ýaly küýzegärçilik önümlerini ýörite sergiler, muzeýler üçin ýasaýaryn.
— Küýzegärçilik hünärini ele almagyňyza näme itergi boldy?
— Köpler bir kesp-käri ele almagy çagalykdan arzuw edýär. Emma bu men babatda beýle däl. Obamyzyň köpügören ýaşulularynyň aýtmagyna görä, küýzegärçilik ata-babalarymyzyň meşgullanan, maşgalamyzyň döwlet tapan kesbi. Meniň bilşime görä, maşgalamyzyň bäş arkasy küýzegär bolan, häzirki wagtda hem ähli maşgala agzalarym, agalarym, inilerim bu käri mynasyp dowam etdirýärler. Kakama Jumabaý küýzegär diýýärler. Çagalykda bir zuwala palçygyň kakamyň elinde küýzä öwrülişine haýran galyp serederdim. Oňa güýjümiň ýetdiginden kömekleşip ýörşüme, küýzegärligiň inçe tilsimlerini ele alanymy duýmandyryn. Bu kär meniň arzuw-islegime bakmazdan, meniň ykbalyma öwrüldi.
— Küýzeleriň ýasalyşy hakynda gürrüň beräýseňiz!
— Küýzäniň gowy çykmagy topragyna bagly. Toprak ýaramaz bolup, küýzegär näçe ussat bolsa-da, peýdasy ýok. Çöp-çalamdan, daşdan arassalanan sap toýun toprakdan taýýarlanylan palçyk depelenip bişirilýär. Birki gün demine goýlan palçyk zuwalalara bölünip, çarh arkaly belli bir sudura getirilýär. Taýýar bolan küýzeler, toýun gap-gaçlar Günüň astynda guradylýar. Ondan soň syrçalanýar, dürli reňkli boýaglar bilen nagyş çekilýär. Syrçasy, boýagy guran önümler kürede bişirilýär. Küýze önümlerini kürede bişirmegiň hem belli bir talaplary bar. Ýagny gap-gaçlar bişirilende, küräniň howruny kem-kemden ýokarlandyrmaly, taýýar bolandan soň hem kem-kemden peseltmeli. Bu talap berjaý edilmedik ýagdaýynda, küýzeleriň zaýalanmagy mümkin.
— Gafur, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Kesbiňizden kemal tapyň!
— Sag boluň!