DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Sagdyn nesil- aýdyň geljek.

                      Sagdyn nesil- aýdyň geljek.
     «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň guramagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Oňa merkezde dynç alýan bagtyýar çagalar höwes bilen gatnaşdylar. Merkezde dynç alýan çagalarda ruhubelentlik, şadyýanlyk döreden sport ýaryşlary täze taryhy eýýamyň ýaş neslinde sagdyn durmuş ýörelgesiniň ösdürilmegine, sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagyna, sportuň wagyz edilmegine gönükdirildi. Akyl-paýhas oýny bolan küşt hem-de şaşka boýunça geçirilen ýaryşlara gatnaşan ýaş türgenleriň arasyndaky oýunlar örän çekeleşikli ýagdaýda dowam etdi. Türgenler ýaryşyň dowamynda geçirilen her bir döwde ussatlyklaryny görkezdiler. Çagalar sportuň el göreşi görnüşi boýunça hem özara güýç synanyşdylar. Täsirli, şowhunly geçen ýaryşda bilegi zor ýaşajyk türgenler ýeňiş gazanmagy başardylar. Geçirilen ýaryşyň netijesi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi hem-de Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.